1924-nji ýylda ozalky SSSR-iň "Dobrolýot" howa ulaglary kärhanasynyň Junkers-13 kysymly uçarynda Kazan-Daşoguz-Hywa ugry boýunça ilkinji howa gatnawyny ýerine ýetirýär. 1924-1970-nji ýyllar aralygynda Daşoguz şäheriniň birinji aeroporty Daşoguz şäheriniň merkezinde - häzirki Ýeňiş gününe bagyşlanyp gurlan ýadygärlikler meýdançasynda ýerleşýär. 1930-njy ýyldan başlap, Daşoguz-Aşgabat-Daşoguz aralygynda, 1940-njy ýyldan başlap, Çärjew-Dörtgül-Daşoguz aralygynda howa gatnawlary ýerine ýetirilýär.
1950-nji ýyldan Po-2, Li-2, II-14, we AN-2 kysymly uçarlary bilen, Daşoguz şäheriniň ýanaşyk we daşdaky şäherlerine ýolagçy we ýük gatnawlary, adamlara medisina kömegini etmek üçin howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýar. 1968-nji ýyldan başlap, häzirki aeroportyň awiatehniki bazasynyň ýerleşýän ýerinde täze "Ýužnyý" atly aeroportyň howa menzili işe başlan we 1500x30 metr bolan uçuş-gonuş zolagynda An-24 we An-26 howa gämilerini kabul etmäge mümkinçilikler döredilen.
1970-nji ýylda Daşoguz şäher aeroportynyň bazasy doly "Ýužnyý" aeroportyna geçirildi we radioelektron enjamlary boýunça desgalar guruldy. 1972-nji ýylda aeroportda täze iki gatly howa menzili we 2000x42 metr bolan uçuş-gonuş zolagy gurlup ulanyşa berildi. 1974-nji ýylda ýokary derejeli howa gämilerini kabul etmäge 2000x42 metr bolan uçuş-gonuş zolagynyň talaplara laýyk gelmeýändigi sebäpli, uçuş-gonuş zolagy gündogar tarapa 700 metr uzaldyldy.
1984-nji ýylda sagatda 400 ýolagçy geçirmäge ukyply bolan täze howa menziliniň ýolagçy terminalynyň gurluşygy doly tamamlanyp, ulanyşa berildi. 1997-nji ýyla çenli Daşoguz şäher aeroportyndan Moskwa, Sankt-Peterburg, Ufa we ondan başga Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň şäherlerine Tu-154, Ýak-42, Ýak-40, An-24, An-26, II-18 howa gämileri arkaly gatnawlar ýerine ýetirilýärdi.
2009-2010-njy ýyllar aralygynda Daşoguz halkara howa menzilinde we "Laçyn" myhmanhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär we ýolagçylara amatly şertler döredilýär. Daşoguz Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly sagatda 400 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolup, howa menziliniň içinde ýolagçylara medeniýetli hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir.
Daşoguz Halkara howa menziliniň golaýynda ýolagçylara hyzmat etmek üçin 120 orunlyk döwrebap "Laçyn" myhmanhanasy ýerleşýär. Daşoguz Halkara howa menzili ýolagçy gatnatmak, ýük ugratmak, üstaşyr geçýän daşary ýurt howa gämilerine aeronawigasiýa hyzmatlaryny bermekde we AN-2 kysymly uçarlarynda oba hojalyk ekin meýdanlarynda awiahimiki işleri geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, 2013-nji ýylyň 17-nji maýyndaky gol çeken №13003 belgili Kararyna laýyklykda, "Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugynyň buýurmagynda uzynlygy 3 800 metr bolan döwrebap emeli uçuş-gonuş zolagynyň we desgalarynyň taslamasyny düzmek we olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak boýunça gurluşyk işleriniň jemleýji tapgyry alnyp baryldy. Daşoguz Halkara howa menzilinde alnyp barylýan gurluşygyň dowamynda uzynlygy 3800 metre deň bolan beton örtükli doly enjamlaşdyrylan uçuş-gonuş zolagy, howa hereketini dolandyryş binasy we dolandyryş diňi doly gurlup tamamlandy.